WWC 2018

Resminamalar

2018-nji ýylyň 1-10 noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşyjylar üçin resminamalar ýerleşdirildi. Düzgünnamalary we blanklary aşakdaky salgylardan alyp bilersiňiz.

Düzgünnamalary üns bilen okamagyňyzy we görkezilen senelerden gijä galmazlygyňyzy haýyş edýäris.

 

Girişleriň ählisi Halkara Agyr atletika Federasiýasynyň onlaýn giriş ulgamyndan amala aşyrylmaly.

http://www.iwf.net/e-entry

Soraglaryňyz boýunça ýüz tutup bilersiňiz:

Ms. Angelique Mottet (Girişler), angelique.mottet@iwfnet.net we

Mr. Zoltan Veres (Tehniki meseleler), zoltan.veres@iwfnet.net

  • Düzgünnamalar

    Ähli gatnaşyjylar Aşgabat 2018 - Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynyň Düzgünnamalary bilen ünsli tanyşmalydyr. Wizaňyzy, galmak üçin ýeriňizi we ýaryşlara gatnaşmagyňyzy kepillendirmek üçin Düzgünnamanyň içindäki görkezilen senelerden gijä galmazlygyňyzy ýatladýarys.

    Ýükle PDF

  • Toparlaryň galjak ýerleri üçin blank

    Toparlaryň galjak ýerleri üçin blanklar Guramaçylyk komitete wwc.ashgabat2018@gmail.com email salgysy arkaly iň gysga wagtda iberilmelidir. Blanklary ibermek üçin iň soňky sene 28-nji sentýabr, 2018.

    Ýükle DOC

  • Transport üçin blank

    Gurnaýjy Komitet gelýän gatnaşyjylary Aşgabat Halkara Howa menzilinden awtobus we awtoulag gatnawlar bilen üpjün eder. Gatnaşyjylar 2018-nji ýylyň 28-nji sentýabryna çenli doly we dogry uçuş we gonuş planlaryny Guramaçylyk Komitete ibermelidir.

    Ýükle DOC

  • Media Akreditasiýa blanky

    Ähli media gatnaşyjylaryň öňünden tassyklanmagy zerur. Blanklaryň ählisiniň 2018-nji ýylyň 28-nji sentýabryndan öň Guramaçylyk komitete we Halkara Agyr atletika Federasiýasyna iberilmegi zerurdyr. Gurnaýjy komitetiň we Halkara Agyr atletika Federasiýasynyň habarlaşmak üçin maglumatlary blankyň içinde görkezilen.

    Ýükle DOC

  • Wiza üçin ýüztutma blanky

    Eger-de gatnaşyjylar wagtynda ähli gerek bolan resminamalary iberen ýagdaýynda wiza işleri tölegsiz ýerine ýetiriler. Gatnaşyjylaryň ählisiniň dury we arassa pasport göçürmelerini, 3X4 sm ölçeginde arkasy ak suratlaryny we ähli maglumatlar girizilen wiza üçin ýüztutma blankyny 28-nji sentýabra çenli Guramaçylyk komitete ibermekleri zerurdyr.

    Ýükle XLSX

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x