WWC 2018

IWF barada

  • Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) bäş kontinentiň ählisinden, tutuş dünýäden 192 sany affilirlenen milli federasiýadan ybarat bolan, hemişelik täjirçilik-däl guramadyr
  • Agyr atletika sporty 1896-njy ýyldaky ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlaryna girizilen ilkinji sport ugurlarynyň hatarynda durýar
  • 1905-nji ýylda esaslandyrylan IWF  iň baýry halkara sport federasiýalarynyň biridir
  • IWF tutuş dünýäde agyr atletika boýunça dolandyryjy edaradyr
  • IWF Halkara Olimpiýa komiteti (IOC) tarapyndan halkara agyr atletika sportunyň ýeke-täk dolandyryjy edarasy hökmünde ykrar edilýär
  • IWF SportAccord-yň we Tomusky Olimpiýa halkara federasiýalarynyň assosiasiýasynyň (ASOIF) agzasydyr

Garaýşy

  • Esasy sport ugry hökmünde agyr atletikany ösdürmek, şeýle hem, onuň ähli gatnaşyjylarynyň bähbidi üçin ösüşi, saglygy we agzybirligi goldamak

Maksady

  • Agyr atletika sportuny tutuş dünýäde ösdürmek, öňe sürmek we düzgünleşdirmek
  • Sportuň we Olimpiýa ýörelgeleriniň esasy gymmatlyklaryny amala aşyrmak
  • Parahatçylyk we özara düşünişmek boýunça ähli başlangyçlary goldamak
  • Ýaryşlaryň Fair Play ruhunda bolmagyny öňe sürmek we gazanmak
  • Millet, reňk, jyns, din ýa-da syýasat sebäpli hiç hili alalamazdan dürli kontinentlere, ýurtlara, adamlara deň şertleri üpjün etmek

 Öňde goýlan sepgitler

  • Agyr atletika sportuny halkara möçberde guramak, dolandyrmak we ösdürmek
  • Sporty we IWF-i parlamentar demokratiýanyň we aç-açanlygyň ýörelgelerine we tejribesine laýyklykda düzgünleşdirmek
  • Agyr atletika boýunça kadalary we düzgünnamalary kesgitlemek
  • Ähli halkara agyr atletika ýaryşlaryny dolandyrmak we düzgünleşdirmek
  • Dünýä çempionatlaryny, Olimpiýa saýlama ýaryşlaryny we beýleki iri sport çärelerini guramak
  • Olimpiýa oýunlaryny we agyr atletika ýaryşlaryny guramakda IOC bilen hyzmatdaşlyk etmek
  • Türgenleriň we resmi taraplaryň howpsuzlygyny we saglygyny üpjün etmek
  • Dopinge garşy göreşmek
  • Milli federasiýalarda agyr atletikanyň ösdürilmegini goldamak
  • Kontinental, sebitleýin we beýleki köp-sportly oýunlarda agyr atletika ýaryşlaryna gözegçilik etmek
  • Kontinental we sebitleýin federasiýalaryň işjeňliklerine gözegçilik etmek
  • Halkara tehniki wekilleriň bellenilmegini hasaba almak we düzgünleşdirmek
  • Türgenleri we resmileri okatmak
  • IWF bilen milli federasiýalaryň arasynda ähliumumy bähbidi gorap saklamak, şeýle hem, özara hormat goýmagy we agzybirligi üpjün etmek
  • Dünýä we Olimpiýa rekordlaryny bellige almak we tassyklamak

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x