WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Srisurat Sukanya: «Özümi dünýädäki iň bagtly adamlaryň biri hasaplaýaryn»

Taýlandly dünýä çempiony Srisurat Sukanya (55 kg) 2016-njy ýylda Olimpiýa çempiony bolanyndan soňra iri ýaryşlarda çempionlyk ugrunda göreşse-de, altyn medal gazanyp bilmedi. Ol 2017-nji ýylda Taýbeýde guralan Uniwersiadada kümüş medal gazandy. 2018-nji ýylda Indoneziýada geçirilen tomusky Aziadada hem öňüne Hytaý Taýpeýinden Kuo Hsing-chuny geçirip, hormat münberiniň 2-nji basgançagyna çykdy. Ine, Aşgabatdaky dünýä çempionatynda ol hem dünýä rekordyny goýdy, hem-de altyn medal gazandy. Ol tälimçisiniň iňlis dilinde dilmaçlyk etmeginde biziň sowallarymzya jogap berdi.

–Siz häzirki wagtda nähili duýgulary başdan geçirýärsiňiz?

–Öran ajaýyp duýgulary başdan geçirýän. Çünki durmuşymda ilkinji gezek dünýä çempionatynda  altyn medal gazandym. Bu pursatda özümi dünýädäki iň bagtly adamlaryň biri hasaplaýaryn.

–Ýöne Rio-de-Žaneýroda Olimpiadanyň altyn medalyny hem gazanypdyňyz!

–Dünýä çempiony bolmak, Olimpiýa çempiony bolmak her bir türgene başardyp duranok. Şol iki sepgide hem ýetip bilendigime şatlygymyň çägi ýok.

–Siz Aşgabada altyn medaly nazarlap geldiňizmi?

–Dünýä çempiony bolmak barada arzuw etmeýän türgen ýok. Menem öňümde uly wezipe goýup geldim. Şol kyn wezipäniň hötdesinden gelmegim üçin tagalla edendigi üçin tälimçilerime hoşallyk bildirýärin.

–Çempionata taýýarlyk görşüňiz barada hem aýdaýsaňyz?

–Dünýä çempionatyna taýýarlyk döwründe ştangany götermegiň tehnikasy boýunça kän işledik. Çekilen zähmetiň ýerine düşendigine bolsa hut şu gün göz ýetirdik.

– Dünýä çempionatynyñ geçirilisi hakynda näme aýdyp bilersiňiz?

–Ilki bilen guramaçylara sag bolsun aýdasym gelýär. Ähli zat ýokary derejede guralypdyr. Bizi gowy garsylandygyňyz ucin köp sag boluň!
 
–Sizem sag boluň!

Söhbetdeş bolan Allanur ÇARYÝEW,
«Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebiniň sport synçysy hünäriniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x