WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Viriya Visissobha: «Dünýä çempionatynda göni ýaýlymda gepleşik taýýarlaýarys»

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde agyr atletika boýunça dünýä çempionaty dowam edýar. Çempionaty şöhlelendirmäge dünýä ýurtlarynyň onlarçasyndan habar beriş serişdeleriniň wekilleri gelipdir. Şolaryň biri hem Taýlandyň «www.tnews.co.th» habarlar saýtynyň jogapkär işgäridir. Hanym Viriya Visissobha «www.ashgabat2018.com» saýty tarapyndan taýýarlanan sowallara jogap berdi.

– Ilki bilen sizi Türkmenistanda hoş gördük!

– Sag boluň!  

– Häzirki wagtda dowam edýän dünýä çempionaty barada näme aýdyp bilersiňiz?

– Ilki bilen bu dünýä çempionatynyň ýokary derejede guralandygyny bellemek gerek. 84-nji dünýä çempionatynyň Türkmenistanda geçirilýändigini eşidenimde internet arkaly Türkmenistan baradaky maglumatlary bilen tanyşdym. Emma Aşgabada gelip, bu zatlary gözlerim bilen görmegim mende has-da uly täsir galdyrdy. Türkmen halkynyň diýseň mähirli we myhmansöýerdigini öz gözüm bilen gördüm.

– Žurnalistika gadam basanyňyza näçe ýyl boldy?

– Bu ýyl meniň bu kärde işläp ýörenime 20 ýyl doldy. Şol wagtyň içinde dünýäniň birnäçe döwletlerine syýahatda we iş üsti bilen saparlarda boldum. Olaryň arasynda Türkmenistan mende ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.

– Saýtyňyz barada hem aýdyp beräýseňiz?

- Saýtymyzda dünýäniň we Taýlandyň sport habarlary goýulýar. Saýtyň habarlary döwlet dilimizde taýýarlanylýar we ýerleşdirilýär. Aşgabatdaky ýaly dünýä çempionatlarynda we beýleki iri halkara ýaryşlarynda göni ýaýlymda gepleşikler taýýarlaýarys. 

– Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň. Işleriňizde üstünlik arzuw edýäris.

– Size hem üstünlik ýar bolsun! 

Söhbetdeş bolan: Sylapberdi MÄMMEDOW,
Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x