WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Simon Martirosýan: «Dünýä rekordyny goýmagy arzuw edýärin»

Ýurdumyzda dowam edýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna dürli ýurtlardan tejribeli türgenler geldiler. Şeýle türgenleriň biri hem Ermenistanyň ýygyndysynyň gazasy, 2016-nji ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi we 2017-nji ýylda geçirlen Ýewropa çempionatynyň ýeňijisi Simon Martirosýandyr. Ol biziň sowallarymyza jogap berdi.

– Çempionata nähili taýýarlyk gördüňiz?

– Her bir ýaryşda ýeňiji bolmak üçin köp taýýarlyk görülýär. Ýaryş güýçlini saýlaýar. Men hem ýeňiji bolmak üçin yhlas bilen taýýarlandym.  

– Agyr atletikanyň nyşany bolan Wepaly hakynda näme aýdarsyňyz?

– Wepala türkmen halkynyň milligi siňdirlipdir. Ony çempionatda ulanmagyňyz gaty ýerine düşüpdir. Wepaly çempionata milli öwüşgin berýär. Ýaryşda baýrakly orunlaryň birini eýeläp, Wepalynyň heýkelini edinerin diýen umydym bar.

– Aşgabada gelip paýtagtymyzyň gözel ýerlerini gördüňmi? 

– Men hemişe türgenleşikler bilen meşhur bolanym üçin gezelenç edip ýetişmedim. Ýöne Olimpiýa şäherjiginiň içinde pyýada gezelenç etdim we şäherjigiň gurluşyny, agşamky Aşgabadyň durkuny haladym.

– Sizi eýýäm ençeme gezek türkmen desterhanynyň tagamlary bilen hezzetländirler?

– Türkmenistan we Ermenistan döwletleriniň arasynda umumylyklar kän. Ýöne milli aýratynlklary bir-birine meňzemeýär. Desterhanymyzda welin meňzeşlik gördüm. 

– Dowam edýän çempionatda yzly-yzyna täze rekordlar goýulýar. Siz bu barada näme pikir edýärsiňiz?

– Häzirki ýaryşlar ýeňil agram derejesinde geçirilýär. Men 109 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýärin. Bu agramda rekord goýmak gaty uly güýji we tejribäni talap edýär. Muňa garamazdan, her bir türgen, şol sanda menem dünýä çempionatynda rekord goýmagy maksat edinýärin.  

– Size uly üstünlik arzuw edýäris! Beren gürrüňlerňiz üçin sag boluň!

Söhbetdeş bolan Gunça GURBANMÄMMEDOWA
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x