WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Daniel Etchells: «Aşgabatdaky dünýä çempionatyny saýtymyz arkaly şöhlelendirýäris»

Beýik Britaniýadan gelen Daniel Etchells sport dünýäsindäki habarlary gyzgyny bilen okyjylara ýetirýän saýtlaryň birinde işleýär. Ol saýt «www.insidethegames.biz» diýlip atlandyrylýar. Daniýel Aşgabatdaky dünýä çempionatyny şöhlelendirmek üçin gelendigini, Türkmenistanyň paýtagtynyň özünde ýakymly täsirleri galdyrýandygyny we alyp barýan işleri hakynda gürrüň berýär.

– Siz Türkmenistana birinjii gezek gelýärsiňizmi?

– Ýok! Birinji gezek geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny şöhlelendirmek üçin Türkmenistana 2017-nji ýylda gelipdim. Häzirki wagtda dowam edýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna hem gelmek nesip etdi.

– Internet saýtyňyz barada aýdyp beräýseňiz?

– Biziň internet saýtymyzyň açylanyna 10 ýyldan gowrak wagt boldy. Saýtymyz arkaly dünýäniň iň möhüm sport täzeliklerini, Olimpiýa oýunlarynyň, dünýä çempionatlarynyň habarlaryny okyjylara ýetirýäris. Ýene bir bellemeli zat resmi saýtymyz öz žurnalyny çapdan çykarýar. Saýtymyzda 15-den gowrak tejribeli işgär zähmet çekýär. Men bu saýtda 4 ýyl bäri işleýärin.

– Saýtyňyzyň resmi žurnaly barada hem gürrüň beräýiň?

– Biziň internet saýtymyzyň žurnaly ýylda 4 gezek okyjylara gowuşýar.  Žurnalymyzyň indiki sanynda Türkmenistandaky agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň gatnaşyjylary, netijeleri, türgenleriň durmuşyndan we ýene-de birnäçe gyzykly maglumatlar ýerleşdiriler.

– Çempionat barada aýdaýsaňyz?

– Aşgabatdaky  dünýä çempionatynyň guralyşy diýseň ýokary.  Olimpiýa şäherjigindäki sport desgalary, myhmanhanalar, türgenleşik zallary, türgenleriň ýaşaýyş jaýlary Aşgabadyň görküne görk goşýar. Şäherjigiň içinde ýerleşdirilen söwda nokatlaryndaky türkmen milli egin-eşikleri mende uly täsir galdyrdy.

– Işiňizde üstünlik we rowaçlyk hemra bolsun!

– Minnetdar!
  
Söhbetdeş bolan Sylapberdi MÄMMEDOW,
Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x