WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Hasapçy – wise-çempion

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty başlamazyndan birnäçe gün öň agyr atletikaçy Rejepbaý Rejepow (Türkmenistan) bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol nobatdaky dünýä çempionatynda müsürli Mahmoud Mohamediň güýçli garşydaşlarynyň biri boljakdygyny aýdypdy. Ine, bu gün hem 81 kg agram derejesinde geçirilen ýaryşda umumy hasap boýunça kümüş medala mynasyp bolan şol güýçli garşydaş bilen söhbetdeş bolduk.

Ilki bilen Mahmoud Mohamed Ihab Youssef Ahmediň terjimehaly barada biraz belläp geçmek isleýäris. Ol 1989-njy ýylda Müsüriň Kair şäherinde dogulýar. Ol bilimi boýunça psiholog, häzirki wagtda käri boýunça hasapçy. Mahmoud Mohamed agyr atletikadan başga-da sportuň göreş görnüşi bilen meşgullanýar. Ol geçen ýyl Anahaýmda geçirilen dünýä çempionatynda altyn medal gazanypdyr.  

― Ýeňşiňiz gutly bolsun! Çempionat barada nähili pikirdesiňiz?

― Minnetdar. Dünýä çempionatynda birbada götermek görnüşinde altyn medala, itekläp götermek boýunça bürünç medala, umumy hasapda kümüş medala mynasyp bolmak uly bagt. Ýöne görkezen netijäm öz pikir edişimçe däl. 

― Sebäbi?

― Eger-de itekläp götermek görnüşiniň üçünji synanşygynda 203 kilogram agramlygy göterip bilen bolsadym, onda ulularyň arasynda dünýä rekordyny täzelärdim. Emma...

― Hytaýly garşydaşlaryň terjrebisini neneň gördüňiz?

― Umumy hasapda 374 kilogram agramlygy göteren hytaýly türgen Lyu Xiaojun öň üç gezek agyr atletika boýunça dünýä çempiony, şol sanda London Olimpiadasynyň altyn medalyna mynasyp bolan agyr atletikaçy. Umumy hasapda 372 kilogram agramlygy götermegi başaran hytaýly agyr atletikaçy Li Dayin hem ýaşdygyna garamazdan, gaty tejribeli türgen.

― Sportuň agyr atletika görnüşine höwes çagalykdan döräpdimi?

― Hawa, 8 ýaşymda. Galyberse-de, dünýä belli agyr atletikaçylar eýranly Hossein Rezazadeh, hytaýly Tian Tao dagylaryň ýeňişlerini görüp, has hem höwesim artdy. 

― Öňdäki maksadyňyz?

― Elbetde, Olimpiýa çempiony bolmak.
  
― Maksadyňyz myrat tapsyn!

― Sag boluň!

Söhbetdeş bolan Aýbölek ABDYÝEWA,
«Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebiniň sport synçysy hünäriniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x