WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Agyr atletikanyň «Messisi»

Ol ― Sohrab Moradi, Eýran Yslam Respublikasyndan gelen agyr atletikaçy. Dünýäniň çempionatynyň  altyn medalynyň eýesi. Janköýerleriň arasynda ony futbol ýyldyzy Messi bilen deňeýänlerem ýok däl. Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň erkekleriň arasynda 96 kilogram agramlykda geçirilen ýaryşynyň ýeňijisi Sohrab Moradi bilen söhbetdeş bolduk.

― Ýeňşiňiz gutly bolsun, Sohrab! Olimpiýa çempionynyň nobatdaky üstünligi hemmämizi begendirdi.

― Minnetdar! Bu ýeňiş bütin halkymyň ýeňşi.

― Sport synçylarynyň bellemegine görä, çempionatyň dowamynda agramlygy ýeňillik bilen götermegi başaran ilkinji türgen ― siz. Eýsem, bu köp wagtky tejribäniň netijesimi?

― Tebigy güýç beriläýende-de, kämilleşmek üçin  tejribe hökman gerek. Muňa ikisiniň hem netijesi diýip bilerin.

― Ýaryşyň dowamynda hytaýly türgen Tian Taonyň esasy garşydaşyňyz boljakdygyny bilýärdiňizmi?

― Hawa. Edil şol türgendigini bilmesem-de, Hytaýdan ezber agyr atletikaçylaryň geljekdigini bilýärdim. Çünki şol garşydaşlyk öňki halkara ýaryşlarynda hem döräpdi.

― Ýeňiş gazanmak üçin ussat tälimçiniň elinde tälim almak esasy zerurlykmy?

― Elbetde! Ussatdan tälim almagam gerek, türgeniň özüniň guýma gursak bolmagy-da zerur.

― Öňdäki maksadyňyzy soramak hökmanam däldir-le. Çünki ähli agyr atletikaçynyň indiki maksady 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň çempiony bolmak. 

― Menem Tokioda altyn medal gazanmagy arzuw edýärin!.

― Gürrüňleriňiz üçin minnetdar. Öňde goýan maksatlaryňyz myrat tapsyn!

― Sag boluň!

Söhbetdeş bolan Aýbölek ABDYÝEWA,
«Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebiniň sport synçysy hünäriniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x