WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Mariýa Korobowa: «Agyr atletikaçylary hakyky edermen hasaplaýaryn»

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty dünýäniň habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirilýär. Bizem çempionatdan göni ýaýlymlary, habarlary alyp görkezýän Russiýanyň «Матч ТВ» ýaýlymynyň alypbaryjysy Mariýa Korobowa bilen söhbetdeş bolduk.

— «Матч ТВ» ýaýlymy iri ýaryşlary gyzgyny bilen tomaşaçylara ýetirýär.

— Hawa. Bizem öz toparymyz bilen şu dünýä çempionatyndan habarlary taýýarlaýarys. Nesip bolsa, gysga habarlary jemläp çempionata degişli rolik taýýarlamagy göz öňünde tutýarys. 

— «Матч ТВ» diýlende göni ýaýlym göz öňüňe gelýär...

— Elbetde, biziň teleýaýlymymyz ýaryşlary gyzgyny bilen tomaşaçylara ýetirmek arkaly gysga wagtda meşhur boldy. Şu dünýä çempionatyny hem biz öz teleýaýlymymyzda göni ýaýlymlarda görkezýäris. 

— Aşgabatdaky çempionatda nämeler tomaşaçylary özüne çekýär?

— Täze agramlaryň girizilmeginiň, täze rekordlaryň goýulmagynyň tomaşaçylar köpçüligini özüne çekýändigini, ýaryşlara bolan gyzyklanmany artdyrýandygyny aýdyp bolar.

— Siziň özüňiz agyr atletika bilen gyzyklanýarsyňyzmy?

— Sport bilen baglanşykly teleýaýlymda işlejek bolsaň sportyň hemme görnüşleri bilen diňe bir gyzyklanmak däl, ähli taraplaýyn bilmek hem zerurdyr. Agyr atletika aslynda sportyň kyn hasaplanýan görnüşi. Şol görnüşde çykyş edýänleri hakyky edermen türgenler hasaplaýaryn. 
  
— Siz Aşgabatda ilkinji gezekmi?

— Hawa, ilkinji gezek gelişim. Dogrusyny aýtsam, Türkmenistana gitmeli diýseler begenip gaýtdym. Siziň ýurduňyzda bolup gören kärdeşlerim Aşgabat şäheriniň ajaýyplyklary, türkmen halkynyň myhmansöýerligi hakda örän gowy gürrüňleri berdiler. Häzirlikçe Olimpiýa şäherçesine, “Halk hakydasy” ýadygärlik toplumyna aýlandym. Nesip bolsa şähere has giňişleýin aýlanmagy göz öňünde tutýaryn.

— Teležurnalist halkara ýaryşlarynyň ilkinji synçysy diýsegem ýalňyşmarys. Şu çempionat hakda nähili garaýşyňyz bar?

— Çempionada ýokary derejede taýýarlyk görülipdir. Meni has-da gyzyklandyran zat, türkmen alabaýynyň çempionatyň nyşany hökmünde saýlanyp alynmagy boldy. Açylyş dabarasy hakyndaky habarymy hem Wepaly diýip at berlen alabaýyň şekiliniň öňünde taýýarladym. Onsoňam, açylyş dabarasyndaky baýramçylyk çäresiniň Olimpiýa oýunlarynyň derejesinde geçirilendigini aýtmalydyryn.

—Işiňizde üstünlikler ýar bolsun! 

—Size-de üstünlik arzuw edýärin!
 
Allanur ÇARYÝEW, 
«Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebiniň sport synçysy hünäriniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x