WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Yingjie Zhou: «Çempionaty gyzgyny bilen 1 milliarddan gowrak adama ýetirýäris

Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny gyzgyny bilen halk köpçüligine ýetirmekde sport kommentatorlarynyň hyzmaty uly bolup durýar. Biz hem Aşgabatda ilkinji gezek myhmançylykda bolan Hytaý Halk Respublikasynyň CCTV teleýaýlymynyň sport kommentatory bilen söhbetdeş bolduk. 

― Ilki bilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna Hytaý Halk Respublikasyndan telewideniýe işgärleriniň näçesiniň gelendigini soramak isleýäris!

― Kommentatorlar, operatorlar, habarçylar, ählisi birlikde 5 sany. 

― CCTV teleýaýlymynda çempionat haýsy dillerde halk köpçüligine ýetirilýär?

― Diňe hytaý dilinde. Ýöne şeýlede-de bolsa, biz bu çempionaty 1 milliarddan gowrak adama ýetirip bilýäris. 

― CCTV-niň işgärleriniň iň iri halkara tejribesi haýsy ýaryş?

― Olimpiýa oýunlary. Eýýäm 2004-nji ýyldan bäri sport synçylarymyz Olimpiýa oýunlaryny, dünýä çempionatlaryny, galyberse-de başga iri halkara ýaryşlary-da teswirläp gelýärler. 

― Agyr atletika boýunça 84-nji dünýä çempionatynda sport synçylary üçin döredilen mümkinçilikler nähili?

― Tehniki tarapdan, guramaçylyk taýdan hiç hili bökdençlik ýok. Türkmenistanda ilkinji gezekdigime garamazdan, bu gözel şäher, türkmen halky mende ýakymly täsir galdyrdy.

― Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Işleriňizde uly üstünlikler ýar bolsun!

― Sag boluň!
  
Aýbölek ABDYÝEWA,
«Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebiniň sport synçysy hünäriniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x