WWC 2018

Soňky habarlar

Olimpiýa şäherjigi myhmanlary haýran galdyrýar

Ýurdumyzda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. 

Bu çempionata gelen myhmanlar Olimpiýa şäherjiginiň gurluşyna diýseň ýokary derejede baha berýärler.

Myhmanlar esasanam şäherjigiň desgalaryň biri-birine ýakyn ýerleşmegini, olaryň milli äheňde gurulmagynyň  uly ähmiýetiniň barlygyny bellediler.
Aşgabada gelen daşary ýurtly bilermenler dünýä çempionatynyň ýokary derejede guralandygyny görüp, Türkmenistanyň  Olimpiýa oýunlaryny-da geçirip biljekligini nygtaýarlar.

Olimpiýa şäherjiginiň daş-töwereginde iri ulag ýollary geçýär. Bu örän ähmiýetli faktor bolup, toplumyň ähli desgalaryna päsgelsiz barmaga mümkinçilik döredýär. 

Mundan başga-da Olimpiýa şäherjiginiň içinde türgenlere we myhmanlara monorelsiň göwnejaý hyzmat edýänligini aýratyn belleýärler.

Gunça GURBANMÄMMEDOWA, 
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

 

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x