WWC 2018

Soňky habarlar

Roman Temirhanow: «Dünýä çempionaty ahal-teke bedewlerini ýakyndan synlamaga mümkinçlik döretdi»

Türkmen paýtagtynda ahyrlap barýan agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna dürli ýurtlardan myhmanlar we türgenler geldiler. 

Myhmanlarymyz bilen gürrüňdeş bolanyňda, olar türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, şol sanda ahalteke bedewleri bilen gyzyklanýandyklaryny aýdýarlar. 

Gazagystanyň wekilýetiniň agzasy Roman Temirhanow ahalteke bedewleri hakynda şeýle diýdi:

― Men Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke bedewleri hakynda ýazan «Ganatly bedewler» kitabynyň Astanadaky tanyşdyryş dabarasyna gatnaşypdym. Şonda ol kitaby diýseň halapdym. Şonuň üçinem, Türkmenistana gelenimde bu ajaýyp bedewleri ýakyndan synlamaga mümkinçilik dörändigine begendim.  

Gazagystanly myhmanyň sözleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ahal-teke atlaryna bagyşlanan ajaýyp kitaplarynyň türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda uly ähmiýetiniň bardygyny nobatdaky gezek subut edýär.  

Gunça GURBANMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sport žurnalistika hünäriniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x