WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Sergeý Newerow: «Türkmen tahýasy maňa gowy gelişýär»

Russiýa Federasiýasyndan gelen žurnalist Sergeý Newerow «Олимпийская панорама» žurnalyna wekilçilik edýär. Ol soňky bir ýylda Türkmenistanda 3-nji gezek bolýandygyny, bu ýerde geçirilýän iri ýaryşlaryň gözli şaýadydygyny gürrüň berdi. Halypa žurnalist S. Newerow bilen «ashgabat2018.com» saýty üçin taýýarlanan  söhbetdeşligi okyjylarymyza hödürleýäris.  

– Ilki bilen sizi Türkmenistanda hoş gördük! Siz Aşgabatda ilkinji gezekmi?

 –  Türkmenistanyň 3-nji gezek myhmany bolýaryn. Ilkinji gezek 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gelipdim. Soňra şu ýylda geçirilen “Amul – Hazar 2018” Halkara awtorallisini şöhlelendirdim. Ine, indi bolsa agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak miýesser etdi.

– Dünýä çempionaty hakynda näme aýdyp bilersiňiz?

 – Bu çempionat mende uly täsir galdyrdy. Türkmen halky türkmen diňe bir türgenlerine janköýerlik etmek bilen çäklenmän eýsem, çempionata gelen ähli türgenlere janköýerlik edýär. Bu bolsa olaryň myhmansöýerliginiň aýdyň subutnamasydyr.

– Türkmenistanyň nirelerine gezelenç etdiňiz?

– Men Türkmenistana öň gelendigim üçin köp ýerlerine gezelenç edipdim. Bu gezek Aşgabatdaky milli muzeýe, Derweze etrabyndaky Garagumyň ýalkymyna, Atçylyk sport toplumyna aýlandym. Jigitler toparynyň ahalteke bedewlerinde eden çykyşyny synladym.

– Siz Türkmenistanyň başga nirelerine gezelenç etmek isleýärsiňiz?

– Haly muzeýini göresim gelýär. Onsoňam, Köwata ýerasty kölüni görmek   höwesim bar. 

– Olimpiýä şäherjigi hakda näme aýdyp bilersiňiz?

–Olimpiýa şähejigini monorels bilen gezelenç etdim. Şäherjigiň sazlaşykly gurluşy, gijesine suw çüwdürimleriniň dürli reňklerde öwüşgin berişi mende ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Olimpiýa şäherjigini surata alyp dostlaryma hem iberdim. Olar bu gözel şähere syýahat etmek isleýänliklerini aýdýarlar.

– Siz türkmen tahýasyny geýipsiňiz!

– Maňa bu tahýany “Amul – Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşynda sowgat etdiler. Dostlarymyň sözleri bilen aýtsam, türkmen tahýasy maňa gowy gelişýär.

– Millilik hakynda söz açyldy, siz türkmen milli aşhanasynyň naharlaryny iýip gördüňizmi?

– Elbetde, türkmen naharlary diýseň tagamly. Men türkmen milli naharlaryndan palawy we dogramany gowy gördüm.

– Türkmen halky hakynda näme aýdyp bilersiňiz!

– Myhmansöýer, şadyýan, mydama kömek etmäge taýýar halk. Bu çempionatda bolsa maňa meýletinçiler uly kömek edýärler.

– Gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sagboluň.

Gunça GURBANMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x