WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Daniel Barrigo: «Türkmenistan ― myhmansöýer halk»

Türkmenistanda geçirilýän agyr atletika boýunç dünýä çempionatynyň myhmanlarynyň biri bolan Ispaniýanyň «www.laliga4sports.es« internet saýtynyň žurnalisti Daniel Barrigo bilen pikir alyşdyk. Ol Olimpiýa şägerjigi, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary we çempionat baradaky pikirlerini www.ashgabat2018.com saýtynyň okyjylary bilen paýlaşdy. 

― Salam, Daniel! Siz Türkmenistanda ilkinji gezekmi?

― Türkmenistana ilkinji gezek gelýärin. Ispaniýanyň «www.laliga4sports.es« internet saýtynyň resmi işgäri hökmünde bu çempionata gatnaşýaryn. Aşgabatdaky Bitaraplyk binasyna, Garaşsyzlyk binasyna, «Gülüstan» söwda merkezine, Köwata ýerasty kölüne gezelenç etdim. Köwata ýerasty köli mende ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. 

― Türkmeniň milli tagamlaryny nähili gördüňiz?

― Türkmen milli naharlarynyň biri  bolan palawy haladym. Türkmen halky diýseň myhmansöýer. Gelýän myhmanlary ähli hyzmatlar boýunça üpjün etmek ýurtlaryň arasyndaky dostana gatnaşyklaryň  nyşanydyr.

― Siz sport bilen meşgullanýarsyňyzmy?

― Biziň resmi saýtymyz, esasan, futbol habarlaryny okyjylara ýetirse-de, meniň özüm  sportuň golf görnüşi bilen meşgullanýaryn.  Dynç günümiň köp bölegini golf meýdançasynda geçirýärin.

― Çempionatyň gurnalyşy barada näme aýdyp bilersiňiz?

― Daşary ýurtly myhmanlary transport ulgamy, iýmit üpjünçiligi, myhmanhanalar bilen üpjün edilmegi, ýaryşa ýokary derejede taýýarlyk görülendigine şaýatlyk edýär. Galyberse-de, myhmanlara meýletinçileriň berýän ýardamy esasy bellemeli zatlaryň biridir. 

― Daniel, beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň. Işleriňizde rowaçlyklar ýar bolsun!

― Sag boluň!

Söhbetdeş bolan Sylapberdi MÄMMEDOW,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x