WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Sally Adair: «Türkmenistany hemişe ýatlaryn»

Agyr atletika boýunça 84-nji dünýä çempionatynyň soňky güni ýene-de bir myhman bilen gürrüňdeş bolduk.  Halkara agyr atletika federasiýasynyň tehniki wekili, teswirleýji  Sally Adair Van De Water çempionat barada biz bilen pikir alyşdy. 

― Teswirleýji hökmünde çempionat barada näme aýdyp bilersiňiz?

― Ilki bilen bu çempionata gatnaşýandygyma diýseň begenýärin. Ýaryşlara ýakyndan tomaşa etmek diýseň ýakymly. Çempionat başlan gününden bäri birnäçe rekordlar täzelendi. Sebäbi dünýä birinjiligi ilkinji gezek 10 agram dereje boýunça geçirilýär. 

― Türkmenitanyň haýsy ýerlerine baryp gördüňiz? 

― Her bir döwletiň öz medeniýeti, öz taryhy bar. Türkmenistanyň Milli Haly muzeýi mende uly gyzyklanma döretdi. Ol ýerdäki türkmen halylary diýseň gözel. Muzeýde dürli göwümdäki halylaryň dürli görnüşleri bar.  

― Dostlaryňyz üçin ýadygärlik sowgatlyklar aldyňyzmy?

― Maşgalam we ýakyn dostlarym üçin türkmen milli geýimlerini aldym. Dogrusy, men türkmen milli geýimlerini gaty haladym. Olimpiýa şäherjigindäki sowgatlyklar dükanyndan alnan sowgatlyklar dostlarymyň göwnüne ýarar diýip umyt edýärin. Meýletinçileriň bize uly ýardam berýändigini-de aýratyn bellemek gerek. 

― Beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň!

― Sag boluň!

Söhbetdeş bolan Sylapberdi MÄMMEDOW,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x