WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Daniel Etchells: «Meni Ginnesiň rekordlar kitabyna giren desgalar özüne çekdi»

Beýik Britaniýadan gelen žurnalist  Daniel Etchells dünýä çempionatyndan soň özünde galan täsirleri «ashgabat2018.com»  saýtynyň okyjylary bilen paýlaşdy. Ol bu babatda berlen sowallara göwünjeň jogap berdi.

– Size haýsy türgeniň çykyşy ýarady? 

– Zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda 81 kg agramda çykyş edip ýeňiş gazanan ispaniýaly Lida Walentin Perezi dünýä çempionatynyň iň gowy çykyş eden türgeni hasaplaýaryn.

– Türkmenistan bolan günleriňde nähili täsir galdy?

– Türkmenistanyň köp ýerinde bolup görmedim. Ýöne Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjigi, hususanda Ginnesiň rekordlar kitabyna giren sport desgalary meni özüne çekdi. 

– Dünýä çempionatynyň resmi saýty hakda näme aýdyp bilersiňiz?

– Dünýä çempionatynyň «ashgabat2018.com»  saýty çempionatyň ähli habarlaryny, netijelerini gyzgyny bilen okyjylara ýetirdi. 

Taýýarlan Jahantäç ÖWEZOWA,
«Mawy yşyk» başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x