WWC 2018

Söhbetdeşlikler

Viriya Visissobha: «Türkmenistan myhmansöýer adamlaryň mekany»

Taýlanddan gelen žurnalist zenan Viriya Visissobha sport saýty üçin göni ýaýlymda gepleşikleri taýýarlady. Aşgabatdan ugramazynyň öňüsyrasynda bolsa «ashgabat2018.com»  saýty arkaly Türkmenistanda guralan çempionat bilen bagly täsirlerini beýan etdi.

– Size haýsy türgeniň çykyşy ýarady? 

– Meniň pikirimçe, zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda 55 kilogram agramda çykyş eden taýlandly Srisurat Sukanya çempionatda iň gowy çykyş eden türgen diýip aýdyp bilerin. Ol 3 sany altyn medal gazanmagy başardy.

– Türkmenistan bolan günleriňde nähili täsir galdy?

– Türkmenistan dostlukly, mähirli we myhmansöýer adamlaryň mekany. Bu ýerde täze dostlary tapynandygyma begenýärin.

– Dünýä çempionatynyň resmi saýty hakda näme aýdyp bilersiňiz?

– Resmi saýt («ashgabat2018.com» ) bilen tanyşdym. Çempionatyň gündelik netijelerini we gyzykly habarlary, söhbetdeşlikleri  okyjylara ýetirýärler.

Taýýarlan Sylapberdi MÄMMEDOW,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x