WWC 2018

TWF barada

Türkmenistanyň Agyr Atletika Federasiýasyň (TAAF) maksady agyr atletikany esasy sport ugry hökmünde ösdürmekden hem-de ony goldamakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasy (Iňlisçe: Turkmenistan Weightlifting Federation) Türkmenistanda agyr atletika boýunça dolandyryjy edaradyr. Bu edara Agyr atletika hereketini dolandyrýar we onuň ýurduň içinde giňden ýaýramagy ugrunda ençeme işleri alyp barýar.

Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasy (TAAF) 1994-nji ýylda döredildi. Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň başlygy Berdiniýaz Mätiýew. Agyr atletika federasiýasynyň sekretary Çarygeldi Mammedow. Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasy (TAAF) Aziýa Agyr atletika federasiýasynyň (AAAF) we Halkara Agyr atletika (HAF) agzasydyr.

Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň alyp barýan esasy işi sport ugry hökmünde agyr atletikany ösdürmek, şeýle hem, onuň ähli gatnaşyjylaryna bähbitli bolan ösüşi, saglygy we agzybirligi goldamakdyr. Federasiýa Türkmenistanyň çäginde agyr atletika çärelerini, Aziýa we Dünýä çempionatlaryny gurnaýar.

Agyr atletikanyň gelip çykyşynyň öz taryhy bar. Agyr atletika boýunça ýaryşlar ilkinji gezek 1896-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň häzirkizaman görnüşi hökmünde erkekleriň arasynda geçirildi. 2000-nji ýylda bolsa Sidneý şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça zenanlaryň arasynda hem ýaryş geçirildi.

Agyr atletika Türkmenistanda iň giňden ýaýran sportlaryň biri. Türkmenistan döwleti agyr atletikanyň ösmegi üçin oňaýly şertleri döredýär. 2017-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we Söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryna taýýarlyk çäreleriň çäginde agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty geçirildi.

2018-nji ýylyň 1-10-njy noýabr aralynda Türkmenistanda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasyň maksady agyr atletikany esasy sport ugry hökmünde ösdürmek, şeýle hem ony goldamakdyr.

Baş hemaýatkär

Resmi hemaýatkärler

Resmi hyzmatdaşlar

Sahypadaky maglumat ýalňyşlyklaryny ýa-da gabat gelen harp ýalňyşlaryny bize ibermek üçin aşakdaky formy ulanyp bilersiňiz. Internet saýdymyzy ösdürmek we dogry maglumatlar bilen üpjün etmek üçin goşandyňyza sagbolsun aýdýarys.
Which page:
Selected text:
Note:
x